| Russiýanyň Astrahan oblasty Balkan welaýaty bilen hyzmatdaşlygy ösdürer
Şu ýylyň 23-nji awgustynda Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin we Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradowyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakda onlaýn duşuşyk geçirildi.
Igor Babuşkin, Türkmenistan Astrahan sebiti üçin esasy halkara hyzmatdaşlaryň biridigini belledi.
Gubernator, Demirgazyk – Günorta Halkara ulag geçelgesiniň möhüm gatnaşyjysy bolan Astrahan oblasty üçin Hazar deňzinde ýük daşamalaryň ösüşiniň has möhümdigini belläp geçdi. Bu bolsa, Astrahan oblastynyň portlary bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasynda yzygiderli gämi gatnawynyň döredilmegi arkaly ýeňilleşdiriler.
Syýahatçylyk – bu hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlarynyň biridir. Astrahan oblastynda häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän “Pýotr Welikiý” gämisiniň gurluşygy tamamlanýar, 2024-nji ýylda Hazar deňziniň üsti bilen Türkmenistana ýüzüşleri hem öz içine aljak syýahatçylyga başlar.
Gubernator, sebitara hyzmatdaşlykda häkimlikleriň aýratyn ornuny belläp, Astrahan we Türkmenbaşy dogan şäherleriniň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek maksady bilen, bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin wekilleriň özara iş saparlaryny gurnamaklygy teklip etdi.
Hojamyrat Aşyrmyradow hem öz gezeginde ulag we logistika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi barada jikme-jik gürrüň berdi. Ileri tutulýan ugurlaryň biri hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny dünýä bazarynda ösdürmekdir.
Balkan welaýatynyň häkiminiň belläp geçmegine görä, portuň ösdürilmegi Astrahan oblasty bilen ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlyga giň mümkinçilikleri açar.
24.08.2023