| Russiýa Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi hakynda Ylalaşyga goşulmagyny tassyklady

                     

     Russiýa Türkmenistanyň Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi hakynda Ylalaşyga goşulmagyny tassyklady.

     Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin degişli buýruga gol çekdi. Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligine bolsa bu karar barada Eýran Yslam Respublikasyna habar bermek tabşyryldy.

     Türkmenistan bu taslama gatnaşmaklyk boýunça meýilnamalaryny ozal hem mälim edipdi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar  agentliginiň baş direktory M.Çakyýewiň habar berşi ýaly, bu ugurda işler alnyp barylýar hem-de amatly geografik ýerleşmegi netijesinde Türkmenistan gatnawlaryň esasy halkasyny ösdürmekde möhüm orun eýeleýär.

     Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi uzynlygy 7,200 kilometre barabar bolan multimodal ugrudyr. Bu alternatiw ulag geçelgesi Ýewropany, Pars aýlagynyň ýurtlaryny we Hindi ummanyny Müsürde ýerleşýän Sues kanaly arkaly birleşdirýär.

12.07.2023

Scroll to Top