| Rigadaky türkmen-latwiýa duşuşygynda bilelikdäki ulag-üstaşyr meýilnamalary kesgitlenildi
Duşenbe güni Rigada Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň hem-de Latwiýanyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» Agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow we Latwiýa Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Uldis Reýmanis ýolbaşçylyk etdi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Latwiýanyň hökümetleriniň arasynda halkara ýol ulaglary baradaky Ylalaşygyň çägindäki özara gatnaşyklar we 13-nji iýunda Rigada geçiriljek halkara ýol ulaglary boýunça bilelikdäki komissiýanyň mejlisiniň gün tertibine seredildi.
Taraplar Latwiýada we Türkmenistanda ulag-logistika pudagy barada maglumat alyşdylar we iki ýurduň arasynda logistika üpjünçilik zynjyryny ösdürmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Latwiýanyň portlaryny (Riga, Wentspils we Liepaýa), demirýollary, awtoýollary we Riga halkara howa menzilini Türkmenistanyň import, eksport we üstaşyr ýüklerini gaýtadan işlemek üçin multimodal geçelgeleriň integrirlenen toplumy hökmünde ulanmagyň artykmaçlyklary we mümkinçilikleri barada maglumat berildi. Türkmenistanyň telekeçileri üçin Latwiýa portlarynyň çägindäki önümçilik we ulag-logistika kärhanalaryny, terminallary, ammarlary we Ýewropa Bileleşiginiň, Baltika ýurtlarynyň we Skandinawiýanyň bazarynda türkmen önümlerini öndürmek, saklamak, gaýtadan işlemek we paýlamak üçin ýörite ykdysady zolaklary döretmek mümkinçiligine aýratyn ähmiýet berildi.
Türkmen wekiliýeti öz gezeginde latwiýaly kärdeşlerine Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri we kuwwaty barada habar berdi. Latwiýa kompaniýalarynyň wekilleri, hyzmatlaryndan peýdalanmak barada has düýpli pikir alyşmak üçin Türkmenbaşy portuna baryp görmäge çagyryldy.
13.06.2023