TÜRKMENBAŞY HALKARA DEŇIZ PORTY

HIL, EKOLOGIÝA, SAGLYGY GORAMAK WE ZÄHMET HOWPSUZLYGY BABATYNDA SYÝASAT

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty (mundan beýläk THDP ýa-da Port) 1896-njy ýylyň oktýabr aýynda Kaspiý deňziniň gündogar kenarynda döredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň   19-njy maýynda gol çeken kararyna laýyklykda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurluşygy başlandy we 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda ulanylyşa berildi. THDP “Ýaşyl port” halkara standartlaryna laýyklykda taslama edilip guruldy we tutuş Kaspiý sebitiniň çäginde ýeke-täk görnüşi bolup durýar. Port ýüklemek we düşürmek, şeýle hem harytlary saklamak üçin ýokary hilli hyzmatlary hödürläp, Merkezi Aziýa bilen Ýewropany deňiz, ýol we demir ýol bilen birleşdirýän “deňiz derwezesi” bolup, ol öz gezeginde sebitdäki iň uly üstaşyr merkezi bolup hyzmat edýär.

     Portuň wezipesi – ýurduň üstünlikli ösmegi üçin şert döretmek, şeýle hem esasy gyzyklanýan taraplaryň bähbitlerini kanagatlandyrmakdyr. Howpsuz gurşawda, daşky gurşawa az täsir edýän port amallarynyň hilini üpjün etmek üçin Portuň iň oňat usullary we tärleri ulanmaga hemişe synanyşýandygyna her bir sarp edijä ynam döretmek.

     Portuň strategiki maksady – Porty Merkezi Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy merkez porty hökmünde ösdürmek we özleşdirmek, döwletimiziň strategiki deňiz bähbitlerini öňe sürmek we goramak, netijede ýük ýüklemek we düşürmek amallarynyň göwrümini taslama mümkinçiliklerine çenli artdyrmak.

     THDP-y, öz gözýetiminde iň täze we öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp, Kaspiý sebitindäki eksport we üstaşyr ýük akymlaryna hyzmat etmekde başyny başlaýjylykly we innowasion orny eýeleýän kärhanasy bolmaga çalyşýar.

Ýokarda mälim edilenleri ýerine ýetirmek üçin THDP, ISO 9001:2015, ISO 14001:2015, ISO 45001:2018 halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda toplumlaýyn dolandyryş ulgamyny ornaşdyrdy, onuň çäkleri “ýüklemek we düşürmek işleri, materiallary saklamak, deňiz gullugynyň hyzmatlary, umumy port hyzmatlary”.

 
Ýokarda aýdylanlara esaslanyp, THDP-yň dolandyryşy aşakdaky borçnamalary öz içine alýar:
  •       Hil, daşky gurşawy goramak we saglygy goramak we howpsuzlygy üpjün etmek (SGweZH üpjün etmek) ulgamynda halkara we ýerli kanuny kadalaşdyryjy namalaryň talaplaryny, şeýle hem Portuň alyp barýan işlerine degişli bolan beýlek talaplary berjaý etmegine;   
  •       Daşky gurşawynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin daşky gurşaw dolandyryşyny goşmak bilen häzirki toplumlaýyn dolandyryş ulgamyny seljermäge we yzygiderli kämilleşdirmäge;     
  •       Daşky gurşawy goramak we hapalanmagyň öňüni almak, şol sanda kaspiý deňziniň kenarýaka zolagy, şol sanda “nol akym” ýörelgesine berk berjaý etmek we iş meýdanynyň we ýanaşyk ýerleriň atmosfera howasyna täsirini azaltmak ýaly çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek;
  •       Şikesleriň we keselleriň öňüni almak üçin howpsuz we sagdyn iş gurşawyny üpjün etmek;
  •      Töwekgelçiligi we howply dolandyrmagyň mehanizmlerini degişli derejede durmuşa geçirmäge, howplary ýok etmäge we guramanyň işiniň ähli ugurlarynda SG we ZG babatynda töwekgelçilikleri azaltmaga;
  •       Ähli derejedäki SG we ZG soraglary boýunça geňeşçilere işçileriň işjeň gatnaşmagy üçin amatly iş şertlerini we mehanizmlerini döretmek;
  •       ISM-ň maksatlaryna ýetmek üçin zerur serişdeleri meýilleşdirmek we paýlamak;
  •       Döwürleýin okuw geçirmek arkaly hil, SG we ZG we daşky gurşawy dolandyrmak boýunça işgärleriň hünär derejesini we bilimlerini yzygiderli ýokarlandyrmak;
  •      THDP-nyň resmi web sahypasynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplara daşky gurşaw çäreleriniň netijeleri barada wagtal-wagtal maglumatlar ýerleşdirmek.
  •       Ýokarda görkezilen borçlary ýerine ýetirmek.
  •       Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary bu Syýasatyň durmuşa geçirilmegine jogapkärdir we ony Portuň ähli işgärlerine we beýleki gyzyklanýan taraplara ýetirmegi öz üstüne alýar.
Scroll to Top