Portugaliýanyň işçi wekiliýeti bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

2020-nji ýylyň 11-nji noýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda Portugaliýanyň işçi wekiliýeti bilen ikitaraplaýyn eksport-import dolanşygynyň ösdürülmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak babatynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylar düzümi, şeýle hem, Portugaliýanyň işçi wekiliýetiniň bilermenleri gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistan bilen Portugaliýanyň arasynda eksport-import ösdürülmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda portugal tarapy Türkmenistanyň ykdysady ösüşi barada tanyşdyryldy. Türkmen tarapy häzirki wagtda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanda bar bolan maýa goýum taslamalaryny mahabatlandyrýan täze internet saýdynyň döredilendigi barada habar berdi we portugal tarapyny bu ugurda hyzmatdaşlyga çagyrdy. Şeýle-de, duşuşykda ýaňy ýakynda döredilen wirtual sergi barada durulyp geçildi. Portugal tarapy öz gezeginde duşuşyga gatnaşyjylara Portugaliýanyň ykdysady görkezijileri, eksport mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga giň mümkinçilikleriň bardygyna göz ýetirendiklerini bellediler.

Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top