Polipropilen terminaly
Hormatly Prezidentimiziň sebitara we halkara derejede düýbüni tutan önümçilik desgalarynyň esasylarynyň biri hem Hazar deňziniň kenaryndaky Gyýanly şäherçesinde ýylda 386 müň tonna polietilen hem-de 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenen gazhimiýa toplumydyr.
Bu önüm Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çykarylýan nebit önümleriniň sanawynda möhüm orun eýeleýär. Oňa dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär.
Terminalyň giňeldilmegi arkaly deňiz portundan ýylda 120 000 tonna polipropilen iberiler.
Giňeldilme işlerinden soňra 62 000 inedördül metr meýdana barabar bolan terminalda polipropileniň tebigy şertlerden zaýalanmazlygy üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutuldy.
Terminalda ýerleşdirilen demir relsde hereket edýän 45 tonna ýük göterijilikli we 17 metr aýlanma burçly port kranlary şol bir wagtyň özünde 3 sany 5000 DWT-lik krana ýükleme we düşürme işlerini amala aşyrar.
Howa şertleriniň durnukly ýagdaýynda ýükleriň ýükleme-düşürme hyzmatlary (doly amal) üçin sarp edilýän wagty.
Polipropilen terminaly:
Polipropileniň gämiden düşürilmesi – 1 pallet 2,3 minut Polipropileniň gämä ýüklenmesi – 1 pallet 2,3 minut
Polipropileniň awtoulagdan düşürilmesi – 1,25 minut
Polipropileniň awtoulaga ýüklenmesi – 1,25 minut
Bellik: Polipropilen ýükleriň ählisi palletda gaplanan şekilde hasaplanan (1 pallet 1 tonna).
Ammarlar
Polipropilen terminalynyň ýapyk ammary
Jemi meýdany 12 000 m2