| Polipropilen terminaly milli önümleri eksporda çykarmakda uly üstünliklere eýe bolýar

                     

Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýyllyk kuwwaty 120 000 tonna bolan Polipropilen terminalynyň üsti bilen dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebit we gazhimiýa pudagynyň önümleri eksporda ugradylýar.

         Häzirki wagtda alnyp barylýan işleriň hatarynda Polipropilen terminalynyň üsti bilen “Oguzabat” Hojalyk jemgyýeti tarapyndan 749,900 tonna ýokary hilli koks önümi Türkiýe döwletiniň “Bestway” kompaniýasynyň buýurmasy esasynda Türkiýe döwletine eksport edildi.

         Şeýle hem Gazagystan döwletiniň “Korsintez” kompaniýasynyň buýurmasy esasynda 1 350 tonna polipropilen önümi Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyna üstünlikli eksport edildi.

         62 000 inedördül metr meýdana barabar bolan Polipropilen terminalynda polipropileniň tebigy şertlerden zaýalanmazlygy üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulup, terminalda ýerleşdirilen demir relsde hereket edýän 45 tonna ýük göterijilikli we 17 metr aýlanma burçly port kranlary şol bir wagtyň özünde 3 sany 5000 DWT-lik gämilere ýükleme we düşürme işleri amala aşyrylýar.

01.08.2023

Scroll to Top