P&O Maritime we “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Hazar deňzi we Gara deňzi arasynda fider gatnawlaryny amala aşyrmaklyk hyzmatdaşlygy babatynda wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

     2021-nji ýylyň 12-nji aprelinda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda Tükmenbaşy Halkara deňiz portunyň gatnaşmagynda P&O Maritime kompaniýasy bilen Hazar deňzi we Gara deňzi arasynda fider gatnawlaryny amala aşyrmaklykdaky hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
     Duşuşygyň barşynda, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty P&O  Maritime kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan çykyşa diňlenildi we geçirilen gepleşikleriň netijesinde Türkmenbaşy Halkara deňiz porty tarapyndan konteýner terminalynyň mümkinçilikleri, hyzmatlar üçin alynýan ýygymlary we port bilen hyzmatdaşlygy saklaýan ulag-logistika kompaniýalaryň sanawy bilen şeýle-de P&O Maritime kompaniýasyna degişli bolan fider gatnawlaryny amala aşyrýan gämileriň hasiýetnamalary bilen paýlaşyldy.
     Paýlaşylan maglumatlar P&O Maritime kompaniýasy üçin ýerine ýetiriljek işleriň has-da tizleşmeginde ýardam beriljekdigi barada aýdylyp geçildi.
Scroll to Top