| Petronas Carigali kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň iş sapary

                     

2022-nji ýylyň awgust aýynyň 30-na, “Petronas” Carigali kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hazli Sham B. Kassimiň ýolbaşçylygyndaky  wekillerinden ybarat bolan topar Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna iş sapary bilen geldiler.

Myhmanlar Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän Ýolagçy-parom terminalynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary tarapyndan mähirli garşylandylar.

Wekiller ilki  bilen 17 million tonna önümçilik kuwwatly, 150 gektar meýdany bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary, portuň umumy uzynlygy 3600 metr bolan gämi duralgalary bolan bäş terminaly öz içine alýandygyny we gämi duralgalarynyň bir wagtyň özünde 17 gämi kabul edip bilýändigini belläp geçdiler. Soňra myhmanlar häzirki zaman tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýolagçy-parom we Konteýner terminallary, Ürgün we Umumy ýükler terminallary bilen jikme-jik tanyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary Hazli Sham B Kassimiň ýolbaşçylygyndaky “Petronas” Carigali kompaniýasynyň wekillerinden ybarat bolan topar bilen hoşlaşdylar, olara jan saglyk we işlerinde üstünlik arzuw etdiler.

30.08.2022

Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top