| Özbek wekiliýetiniň iş sapary
Şu ýylyň iýun aýynyň 1-ne, Özbegistan Respublikasynyň wekillerinden ybarat bolan topar Halkara deňiz portuna iş sapary bilen geldiler.
Ilki bilen, myhmanlar Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän Ýolagçy-parom terminalynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary tarapyndan mähirli garşylandylar. Bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň wekillerinden ybarat bolan topar bilen “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meselelere, şeýle hem ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky taslamalara aýratyn üns berildi. Myhmanlara Ýolagçy-parom terminalynyň foýesinde ýerleşýän Deňiz portunyň makedi görkezilip, ýylda 17 million tonna önümçilik kuwwatly, 150 gektar meýdany bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyş boldular. Portuň başlygy, portuň umumy uzynlygy 3600 metr bolan gämi duralgalary bolan bäş terminaly öz içine alýandygyny we deňiz gämi duralgalarynyň bir wagtyň özünde 17 gämi kabul edip bilýändigini belläp geçdi. Soňra myhmanlar häzirki zaman tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Konteýner, Ürgün ýükler, Umumy ýükler terminallary bilen jikme-jik tanyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary Özbegistan Respublikasynyň wekillerinden ybarat bolan topar bilen hoşlaşdylar, olara jan saglyk we işlerinde üstünlik arzuw etdiler.
13.06.2022


