| Özbegistandan gelen üstaşyr konteýnerler Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Azerbaýjana üstünlikli ugradylýar
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen üstaşyr Özbegistan Respublikasynyň “UzAVTO MOTORS” paýdarlar jemgyýetiniň ýükli konteýnerlerini Azerbaýjanyň Alýat portuna üstünlikli ugradylýar. Bu üstaşyr konteýnerler Azerbaýjan Respublikasynyň “AZERMASH CP” jogapkärçiligi çäklendirilen kompaniýasynyň buýurmasy esasynda, awtoulag gurluşygynda ulanylýan ätiýaçlyk şaýlary ýüklenen 40 futlyk 101 sany konteýnerden ybaratdyr.
Bu üstaşyr geçirilýän konteýnerler “Türkmenistanyň Ulag – logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.
2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, “Deniz Söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “Balkan” gämisini Türkmenbaşy – Baku – Türkmenbaşy ugry boýunça konteýner daşamak üçin fider gatnawlaryny amala aşyryp başlamagy bilen, bu ugurda ugradylýan üstaşyr konteýnerleriň sanynyň artmagyna getirýär.
13.01.2023