| Özbegistan ilkinji gezek Trans-Hazar Halkara ulag koridory boýunça Ýewropa konteýner otlusyny iberdi

                     

 “2022-nji ýylyň 16-njy dekabrda Trans-Hazar Halkara ulag koridorynyň üsti bilen ilkinji konteýner otlusy Almalyk magdan we metallurgiýa zawodyndan Burgas (Bolgariýa) portuna ýükler bilen Özbegistandan ugrady. Bu ýük otlusy 46 wagondan we mis konsentratly ýüklenen 91 sany 20 futlyk konteýnerden ybarat. Konteýner otlusy uzynlygy 4000 km-den gowrak bolan Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Bolgariýa / Ýewropa ugry boýunça hereket eder”- diýip Özbegistan Respublikasynyň demir ýol bölümi habar berýär.
“Bir guşak, bir ýol” maksatnamasynyň çäginde işlenip düzülýän Hytaýdan Ýewropa barýan Trans-Hazar Halkara ulag koridory ýa-da Orta koridor henizem ýük gatnawynyň ep-esli bölegini özüne çekmedi, ýöne indi onuň roly artýar . Deňiz arkaly Hytaýdan Ýewropa ýük 30-40 gün alsa, otly bilen eltme wagty 15-25 güne çenli azalýar.

16.12.2022

Scroll to Top