Nebit terminallary

     Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Nebit terminallaryna “Kenar”, “Alaja” we “Ekerem” port nokatlary degişli bolup durýar. “Kenar”, “Alaja” we “Ekerem” port nokatlarynda gämilere ýüklenýän nebit we nebit önümleri daşary ýurtlara eksport edilýär.

     

     “Kenar” – port nokady 1965-1966-njy ýyllarda gurlan, gämi gatnaw kanalynyň uzynlygy 7 km, ini 100 metr,  2 sany gämi duralgasy bolup, bir wagtyň özünde 4 sany gämini kabul etmäge mümkinçiligi bar. “Kenar” port nokadynda nebit we nebit önümleriniň ýükleýiş/düşüriş işleri ýerine ýetirilýär.

     

     “Alaja” – port nokady 1972 ýylda gurlan, gämi gatnaw kanalynyň uzynlygy 5,2 km, ini 100 metr bolup, bir wagtyň özünde 2 sany gämini kabul etmäge mümkinçiligi bar. “Alaja” port nokadynda nebit  ýükleýiş işleri amala aşyrylýar.   

 

     “Ekerem” – port nokady 1960-1962 ýylda gurlan we bir wagtyň özünde 2 sany gämini kabul etmäge mümkinçiligi bar.  Gämi gatnaw kanalynyň uzynlygy 3,3 km, ini 70 metr.  “Ekerem” port nokady hem nebit we nebit önümleriniň ýükleýiş/düşüriş işlerini ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir.  

Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top