“Lapiz Lazuli” ulag geçelgesiniň ylalaşygy esasynda, üstaşyr ýükleriň serhetlerden geçişini ýeňilleşdirmek maksatly ýeke-täk Logistika merkezini döretmekligiň onlaýn okuw maslahaty

          2021-nji ýylyň 2-4-nji iýun aýynyň aralygynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň wekilleri arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda  “Owganystan-Türkmenistan-Azerbeýjan-Gruziýa-Türkiýe (Lapis Lazuli) halkara üstaşar ýük-ulag gatnawlary amala aşyrmakda, ýeke-täk logistika merkezi“ diýen maksatnama barada aýdylyp geçildi. Duşuşykda üstaşyr ýük-ulag gatnawy üçin döredilen “Lapis-Lazuli” geçelgesi Owganystan-Türkmenistan-Azerbeýjan-Gruziýa-Türkiýe döwletleri bilen araçäkleşip, bäş döwlet arasynda ýeke-täk logistika merkezi bolup, bu geçelge halkara ýük gatnawlaryny we halkara dostlukly gatnaşyklary ýokarlandyrmak maksady bilen döredilip, “Lapis Lazuli” logistiki, ykdysady we halkara ösüş taýdan ýokary derejede amatly bolup durýanlygy nygtaldy. Ýygnakda halkara bilermen Aleksandr Zaboýew çykyş edip, “Lapis Lazuli” geçelgesiniň döwletara gatnaşyklarynda bolan bähbitleri barada gürrüň berip, bu geçelgäniň Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyna getirjek peýdasy barada aýdyp, netijede Türkmenistanyň Gümrük gullugyna, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligine, “Türkmendemirýollary” agentligine has-da kämilleşmekde, şeýle hem täze özgerişlere eýe bolmakda ýardam berjekligini belledi. Mundan başga-da, Aleksandr Zaboýew her bir döwletiň ýüklerini gatnatmakda “Lapis Lazuli” geçelgesini, ýagny demir ýollary, gara ýollary we deňiz ýollary boýunça iň gysga we amatly gatnawlarynyň logistiki shemasyny görkezip, bu geçelgäniň ugrunda bolan döwletleriň ählisi üçin has amatlylygyny belledi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşuga gatnaşan wekilleriň ýene biri ilçi Jon MakGregor, ýük-ulag gatnawlaryny amala aşyrmakda degişli gulluklar bilen baglanşylýan resminamalary ýeňilleşdirmek maksady bilen, degişli gulluklaryň resminamalaryny sanly ulgama geçirmegiň we resminamalary bir ýan hatda jemlemegiň iş wagtyny 70% – de azaltjakdygy barada öz çykyşynda aýdyp geçdi. Duşuşykda ikitaraplaýyn sorag-jogap alşylyp, döwletara bähbitli pikirler öňe sürüldi. Halkymyz üçin gije-gündiz üznüksiz alada edýän Hormatly Arkadagymyz saýasynda ýurdumyz gün-günden has-da ösýär, özgerýär. Bize şu mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleri mundan beýläkde rowaç alsyn.
Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top