2022-nji ýylyň 8-nji dekabrynda, ÝHHG-nyň Aşgabat şäherindäki merkezi tarapyndan gurnalan we gibrid görnüşinde geçirilen “Lapis-Lazuli” ulag-üstaşyr koridory boýunça üç günlük sebitleýin seminar tamamlandy.
Seminaryň 2-nji we 3-nji günlerinde, Halkara Ulag diplomatiýasy merkeziniň esaslandyryjy geňeşiniň agzasy, Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça bölüminiň ýolbaşçysy hem-de ulag amallaryny we birikmelerini ýeňilleşdirmek boýunça halkara bilermenler çykyş etdiler.
Geçirilen çäräniň esasy maksady, Halkara Lazurit ulag koridoryny durmuşa geçirmegiň strategiýasyny hödürlemek. ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi “Lapis-Lazuli” ulag-üstaşyr koridory boýunça gol çeken ýurtlara goldaw bermek maksady bilen, bu koridoryň durmuşa geçirilmegi üçin strategiýany we hereket meýilnamasyny işläp düzmäge başlady.
Seminara gatnaşyjylar “Lapis-Lazuli” Halkara ulag koridorynyň ulag we üstaşyr potensiýalyny doly dereje durmuşa geçirmekde goldaw bermek boýunça geljek ädimlerini kesgitlediler.