“LAPIS-LAZULI” ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGESINIŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGI BOÝUNÇA STRATEGIÝA HÖDÜRLENDI

     2022-nji ýylyň 28-nji martynda,  Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan gurnalmagynda “Lapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesine bagyşlanan onlaýn wideoaragatnaşyk görnüşinde iki günlik sebitleýin seminar başlandy.
     Seminara «Lapis-Lazuli» ylalaşygyna gol çeken dört sany ýurduň: Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň altmyşdan gowrak wekilleri gatnaşdylar.
     Mundan başga-da çärä «Ýewropa-Kawkaz-Aziýa» Halkara ulag geçelgesiniň (TRASEKA) Hökümetara toparynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary, Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrylyşyna ýardam bermek Maksatnamasynyň   Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän 3-nji Komponentiniň ýolbaşçysy, ÝHHG-niň bilermenleri, şeýle hem onlaýn görnüşde geçirilen seminara  Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Marketing we Halkara gatnaşyklar bölüminiň hünärmenleri gatnaşdylar.
     Ylalaşyga gol çeken dört ýurduň wekilleri strategiýanyň we hereketleriň meýilnamasynyň üstüniň ýetirilmegi boýunça pikirleri hem-de teklipleri alyşdylar. Merkez milli gyzyklanmalarynyň nazarda tutulmagynda durmuşa geçirilýän hem-de şol bir wagtda milli eýeçilikleri bolup durýan ylalaşyga gol çeken ýurtlaryň milli ösüş strategiýasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde kemala getirilmegi maksady bilen, strategiýanyň we hereketleriň meýilnamasynyň üstünde işlemek amallaryna ýardam berer.
     Seminara gatnaşyjylar «Lapis-Lazuli» geçelgesi boýunça hyzmatdaşlaryna olaryň ulag hem-de üstaşyr mümkinçilikleriniň doly göwrümde durmuşa geçirilmegine goldaw bermek boýunça geljekki hereketleri kesgitlediler.
Scroll to Top