Konteýner terminaly

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň iň esasy terminallarynyň biri hem konteýner terminalydyr. Häzirki zaman ulag we logistika ulgamynda amatlylygy we mümkinçilikleri taýdan giňden ulanylýan konteýnerler Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda awtomobil we demir ýollary arkaly hem daşalar.

Konteýner terminaly 400 000 TEU/ýyl üçin niýetlenendir (TEU — şertli standart konteýneri aňladýar). Terminalyň duralgasynyň uzynlygy 480 metrdir. Bu duralgada şol bir wagtyň özünde 3 sany 5000 DWT agramly gämi ýükleme we düşürme işlerini ýerine ýetirip bolar.

Konteýnerleri gämiden gury ýere düşürmek maksady bilen gurnalan 2 sany STS kranlar 40 tonna çenli agramdaky konteýnerler üçin niýetlenendir. Gämiden düşürilen konteýnerler 6 sany tekerli köpri kranlar we 2 sany demir seplemde hereket edýän köpri kranlar arkaly umumy konteýner meýdanyna, demir ýol wagonlaryna ýa-da konteýner awtomobillerine çenli daşalar.

Konteýnerleri daşamak maksady bilen terminalyň düzüminde 50 we 25 tonna ýük göterijilikli 22 sany ýük awtoulagy hem ýerleşdirilendir.

Terminalyň düzümine gelip gowşan konteýnerleri saklamak üçin 9080 konteýnerlik meýdança göz öňünde tutalandyr. Bu meýdançada 2 sany boş konteýnerleri we 6 sany doly konteýnerleri düzüji hyzmat eder. Bu terminalyň meýdany 249 000 inedördül metre deňdir.

Howa şertleriniň durnukly ýagdaýynda ýükleriň ýükleme-düşürme hyzmatlary (doly amal) üçin sarp edilýän wagty.

Konteýneriň gämiden düşürilmesi – 4 minut

Konteýneriň gämä ýüklenmesi – 6,6 minut

Konteýneriň awtoulagdan düşürilmesi – 7,5 minut

Konteýneriň awtoulaga ýüklenmesi – 7,5 minut

Ammarlar

Konteýner terminalynyň ýapyk ammarlary

2 sany deň ölçegli ammarlar

Jemi meýdany 9980 m2

Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top