| Ispaniýa Patyşalygynyň media-toparynyň döredijilik topary Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldiler
Şu ýylyň 17-nji dekabrynda Ispaniýa Patyşalygynyň «Atresmedia Television» media-toparynyň döredijilik toparynyň Türkmenistanyň ykdysady, baý taryhy we gözel ýerleri barada dokumental filmi surata düşürmek maksady bilen, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldiler. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary tarapyndan garşy alynyp, ilki bilen myhmanlar Ýolagçy-parom terminalynyň birinji gatynda ýerleşdirilen portuň makedine syn etdiler. Soňra myhmanlar portuň Ýolagçy-parom, Konteýner, Ürgün ýükler, Umumy ýükler terminallaryna aýlanyp, terminallarda alnyp barylýan ýükleme – düşürme işleri, gämileriň kabul edilişi, terminallaryň mümkinçilikleri bilen tanyş boldular.
Portuň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşan myhmanlar, özlerini gyzgyn garşy alandyklary üçin, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalary bilen ornaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen tanyşmaga mümkiçilik döredilendigi üçin minnetdarlyklaryny bildirdiler.
17.12.2022