| II “HALKARA ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGELERI: ÖZARA ARABAGLANYŞYK WE ÖSÜŞ – 2023” ATLY HALKARA MASLAHATY WE SERGISI
2023-nji ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabat şäherinde “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023” atly 2-nji halkara maslahaty we sergisi geçirildi. Forumyň esasy ugurlary şulardan ybarat boldy:
– halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri, multimodallylyk we onuň ulag we logistika amallaryny ýönekeýleşdirmekdäki orny;
– gatnaşyjy ýurtlaryň ulag potensialyny ösdürmekde esasy ulag-üstaşyr geçelgesi hökmünde “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelegesiniň orny;
– durnukly ösüşi gazanmakda we ulag ulgamy üçin amatly şertleri döretmekde halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk.
Geçirilen forumyň ikinji gününde «Baku Halkara deňiz söwda porty», «APM Terminals», «MAERSK», «MSC Georgia», «India Ports Global Limited», «Узбекуголь» PJ, «John Gold» we «InterRail Services AG» ýaly taraplar bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda halkara ulag pudagy we uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýulmagynyň geljegi ýaly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem forumyň çäginde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen möhüm resminamalara gol çekildi:
– Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Türkiýe Respublikasynyň “Albayrak Group” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda ÄHTNAMA;
– Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Hindistan Respublikasynyň “Anipra Impex” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda ÄHTNAMA;
Şeýle hem, 5-nji maýda foruma gatnaşyjylar Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp, deňiz portunyň mümkinçilikleri, hyzmatlary, häzirki zaman tehnikalar we enjamlar bilen ornaşdyrylan terminallary (ýolagçy-parom terminaly, konteýner terminaly, umumy ýük terminaly, ürgün ýük terminaly) bilen ýerinde tanyşdylar.
03.05.2023