| Hytaýda elektrik konteýner gämisi işe girizildi
Hytaýyň demirgazygyndaky Ýangžou gämi abatlaýyş kärhanasy elektrikli hereketlendirijili 700 orunlyk konteýner gämisini işe girizdi. Bu gämi Şanhaý konteýner portundan (we porta) ýük eltip, Ýanszy derýasynyň üstünden 1000 km ýokary we aşaklygyna yzygiderli hereket eder.
Gäminiň gurluşygy “COSCO Shipping Heavy Industry” kompaniýasy tarapyndan alnyp baryldy. Ol adaty konteýner gämileriniň ölçeglerinden uly däl. Gäminiň uzynlygy 119,8 metr, ini 23,6 metr we suwa batyş agramy 10 000 tonna deňdir.
Gäminiň bortunda hersi 900 kWt bolan iki sany elektrik hereketlendirijisi oturdylan.
Alynan maglumatlara görä, gämide ýerleşdirilen iň uly kuwwatly batareýa – 50 MWt boljakdygy aýdylýar. Hatda iň uly batareýa hem tok bilen 1000 kilometre çenli haryt daşamak üçin ýeterlik bolmaz. Şonuň üçin bu ýagdaýy göz öňünde tutup, batareýalary çalyşyp durmaklykda täzeçe çemeleşme ulanyldy. 700-den 36 konteýnerlyk ýer batareýalar üçin berilýär.
Gämi amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin akylly dolandyryş ulgamyny ulanar. Iş şertlerine baglylykda energiýa sarp edilişini kadalaşdyryp biler. Ulgam meýilnamalaşdyrylan geliş wagtyna, suw akymyna, batareýanyň kuwwatyna we beýleki faktorlara baglylykda ýüzüş tizligini meýilleşdirer.
Täze taslama, Ýanszy sebitinde gämileri elektrik hereketlendirijisine öwürmek maksatnamasynyň bir bölegidir. Hytaýyň hökümeti Ýanszy derýasynyň ykdysady guşagyny Hytaý üçin möhüm ýaşyl ösüş taslamasy hökmünde görýär.
Şu ýylyň maý aýynda COSCO ikinji elektrik konteýner gämisiniň gurluşygyna başlady.
Ulagy elektrikleşdirmek diňe bir gury ýerde däl, eýsem suwda-da alnyp barylýar we dünýäde elektrik energiýasy bilen işleýän gämiler barha köpelýär.
11.08.2023