Hytaý Halk Respublikasynyň Henan welaýaty bilen geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk

2021-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň käbir pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag-logistika, söwda, oba hojalygy ýaly ugurlar boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň, hususan-da söwda gatnaşyklaryny kämilleşdirmek üçin ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagynyň wajyplygy barada belläp geçdiler. Ýük daşama ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary barada pikir alşyldy. Duşuşygyň dowamynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri barada çykyş edilip, bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyk barada teklip berildi.

Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top