Hytaý Halk Respublikasyndan Türkiýe döwletine ugradylan üstaşyr konteýner otlusy Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip ýetdi

                     

Hytaý – Gazagystan – Türkmenistan gatnaw ugry boýunça ýükli 82 sany 20 futluk konteýner otlusy Türkmenistanyň “Serhetýaka” stansiýasynyň üsti bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip, bu ýerden Azerbaýjan Respublikasynyň Baku portuna ugradyldy we ol ýerden bolsa, Türkiýäniň Izmir şäherine tarap ugradylmagyna garaşylýar.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň çäginden geçýän bu ugur boýunça halkara ýük gatnawy «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ bilen Gazagystan Respublikasynyň demir ýollarynyň golçur kärhanasy bolan «KTZ Ekspress» PJ-niň bilelikde guramagynda ilkinji gezek amala aşyrylýar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, halkara ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça ýerine ýetirilýän ýük gatnawy, ýükleriň tiz eltilmegini we Hazar sebitinde halkara söwda dolanyşygynyň ýeňilleşmegini üpjün ediji bolup hyzmat edýär.

29.06.2022

Scroll to Top