Hormatly arkadagymyzyň “ömrümiň manysy” atly edebi-filosofik kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

                     

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda neşir edilen Hormatly Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly edebi-filosofik eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu filosofik eser Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar hem-de ömrüni ata Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyşlan milli Liderimiziň durmuş ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy Agamurad Haýytmuradowyň ýolbaşçylygynda geçirilen bu dabara  “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Deňiz söwda floty” ÝPGJ-nyň, “Balkan” Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň, Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň ýolbaşçylary, hünärmenleri, talyp ýaşlar we myhmanlar gatnaşdylar.

Hormatly Arkadagymyzyň zehininden dörän bu kitapda esasy ahlak kadalary we ýörelgeler beýan edilýär. Olara häzirki döwürde-de möhüm ähmiýet berilmegi pederlerimiziň däpleriniň, ahlak kadalarynyň dowamat-dowam bolýandygynyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylham çeşmesinden döran bu taryhy-filosofik eser Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz üçin belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ruhy daýanç we şamçyrag bolup hyzmat eder.

09.05.2022

Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top