Hindistan Respublikasynyň “Larsen & Toubro Limited” kompaniýasy bilen duşuşyk.

2020-nji ýylyň 7-nji iýulynda, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri bilen Hindistan Respublikasynyň “Larsen & Toubro Limited” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyk esasan, Porty dolandyrmak boýunça özara tejribe alyşmak babatyndaky meseleler bilen bagly bolup, ýygnaga “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylar düzümi, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri we “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Hindistan döwleti tarapyndan bolsa, Biznes we halkara ösüş bölüminiň başlygy, Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň we Gündogar Ýewropadaky kompaniýanyň wekilhanasynyň başlygy, baş menejeriň orunbasary, menejer we kömekçi menejeri, mundan başga-da, Bangalor şäherindäki goranmak kommunikasiýalar bölüminden ýolbaşçylar düzümi gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda, Hindistan Respublikasynyň “Larsen & Toubro Limited” kompaniýasy öz ýerine ýetirýän hyzmatlary we alyp barýan işleri barada giňişleýin tanyşdyryldy we deňiz nawigasiýasynda ulanylýan dürli maksatly enjamlary barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, kompaniýanyň gurluşyk, gämi gurluşyk we beýleki deňiz maksatly desgalary gurmakdaky tejribeleri bilen paýlaşdylar.

Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top