| Hindistan Respublikasynyň «Anipra Impex» kompaniýasy Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi Hindistan Respublikasynyň “Anipra Impex LTD” kompaniýasynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyk geçirdi. Geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny, terminallaryny we üstaşyr ýük geçirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyldy we portuň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen, hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri barada gepleşikler geçirildi.
“Anipra Impex” kompaniýanyň wekili dünýäniň we sebitiň dürli künjeklerinde alyp barýan işleri barada çykyş etdi, şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda üstaşyr ýükleri geçirmek taslamalaryny durmuşa ornaşdyrylmagynyň mümkinçiligini belläp geçdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň üsti bilen Russiýa Federasiýasyndan Hindistana, Günbatar Ýewropa ýurtlaryndan Özbegistana daşalýan ýükler barada maglumat berildi.
Kompaniýanyň wekili Türkmenbaşy Halkara deňiz porty üçin ýük taslamalary boýunça maslahatçy (consulting) hyzmatlaryny bermek boýunça degişli şertnama ikitaraplaýyn gol çekilen halatynda goşmaça üstaşyr gatnawlarynyň ýola goýulmagy barada belläp geçdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar, Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda ulag we logistika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
28.02.2023