| Hazaryň Rus kenarynda Türkmenistanyň logistika merkezi dörediler

                     

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistiki düzümlerini giňeltmekde ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşmegini ýola goýmak üçin Russiýanyň Astrahan oblastynyň Hazar deňziniň rus kenarynda Olýa deňiz portunyň “Lotos” ýörite ykdysady zolagynda Türkmenistanyň Logistika merkezini döretmegiň taslamasyny durmuşa geçirmekde gurluşyk işleri başlanar. Ýyllyk kuwwaty 1 million tonna barabar bolan Konteýner terminalynyň gurluşygy «Kaspiý» port-logistik kompaniýasyna berildi.

          Iki ýurduň bilermen toparlary tarapyndan Astrahan sebitinde Türkmenistanyň logistika merkezini işe girizmek baradaky taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin ýol kartasynyň işlenip düzülmegi  we bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ulag we üstaşyr potensialyny doly derejede ulanmak boýunça uly itergi berer we Türkmenistan Russiýadan Merkezi Aziýanyň deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlaryna,Owganystana, Päkistana we beýleki ýurtlara ýük daşamak üçin ulag merkezine öwrüler.

02.02.2023

Scroll to Top