| HAZARÜSTI SÖWDA ÝOLUNY GIŇELTMEK BOÝUNÇA GEÇIRILEN MASLAHAT
27-28-nji iýulda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde halkara ulag maslahaty— Hazarüsti söwda ýolunyň multimodal transportyna gatnaşyjylaryň arasynda utgaşdyrylyşyny gowulandyrmak, ulanmak hem-de giňeltmek üçin amatly multimodal ugurlary kesgitlemek boýunça maslahat geçirildi.
Bu maslahata Azerbaýjanyň (Baku porty), Gruziýanyň (Batumi, Poti we Anakliýa portlary), Gazagystanyň (Aktau, Kuryk portlary) hem-de Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň birnäçe logistika kompaniýalary gatnaşdylar. Maslahata türkmen tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen bilelikde «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-niň, «Demirýollary» AGPJ-niň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hyzmatlary, Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçilikleri barada çykyşlar edildi.
Duşuşykda bar bolan päsgelçilikleri we kynçylyklary ýeňip geçmek üçin möhüm meseleler, şeýle hem Hazarüsti söwda ýolunyň ulanylmagyny çaltlaşdyrmak bilen bagly tehniki çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Hazarüsti söwda ýoluny giňeltmekde bitewi sebitleýin çemeleşmäni gazanmak üçin gyzyklanýan taraplaryň arasynda gepleşikler geçirildi we pikir alyşyldy.
29.07.2023