| “Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri:özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahaty we sergisi
2023-nji ýylyň 3-4-nji maýynda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri:özara arabaglanyşyk we ösüş” atly 2-nji Halkara maslahaty we sergisi geçiriler.
Çäräni esasy gurnaýjylar, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi, “Türkmendemirýollary” agentligi, “Türkmenawtoulaglary” agentligi, “Türkmenhowaýollary” agentligi, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi, ”Türkmenaragatnaşyk” agentligi, “Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi” AGPJ, “Demirýollary” AGPJ, “Türkmenistan” howa ýoly, “Deňiz söwda floty” AGPJ, “Balkan” gämi gurluşyk zawody AGPJ, şeýle hem Türkmen forum bilen hyzmatdaşlykda gurnalýar.
Maslahatyň we serginiň maksady pandemiýadan soňky dikeldiş döwründe halkara ulag-logistika ulgamynda täze şertlere uýgunlaşmakda, logistika kompaniýalary we halkara guramalar ulag-logistika ulgamlaryna ünsi jemlediler. Netijeli halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, şeýle hem türkmen döwlet edaralarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Maslahatyň gün tertibinde ara alyp maslahatlaşylmaly esasy temalar:
- Pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika pudagyny dikeltmek: täze kynçylyklar we mümkinçilikler;
- Ulag we aragatnaşyk toplumyny sanlylaşdyrmak we onuň geljegine göz aýlamak;
- Durnukly ulag ulgamynyň daşky gurşaw talaplary. «Ýaşyl» infrastrukturany ösdürmekde döwlet we hususy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti;
- Ulag we aragatnaşyk toplumynyň ösüşinde ylym-bilimiň orny.
Has giňişleýin maglumatlary çäräniň resmi www.ittc.com.tm web sahypasyndan tapyp bilersiňiz. Şeýle hem tisp.marketing@port.сom.tm elektron poçtasyna ýüz tutup bilersiňiz.
11.04.2023