| Halkara maslahat

                     

2022-nji ýylyň 18-19-njy iýuly aralygynda Aşgabat şäherinde “Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanşyk we ösüş” atly halkara maslahat geçirilýär.

Halkara maslahaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentligi we onuň garamagyndaky agentlikleriň gurnamagynda geçirilýär.

Maslahata halkara guramalaryndan, daşary ýurt we ýerli kompaniýalardan jemi 300-den gowrak wekiller gatnaşýar. Halkara maslahata “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hem hyzmatdaşlary gatnaşýarlar.

Maslahatyň dowamynda Agentligiň ýolbaşçylarynyň, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň başlygynyň çykyşlary göz öňünde tutulan.

Şeýle-de, maslahatyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçiriler. Bu dabarada Kuryk porty bilen “Deňiz söwda Floty” ÝGPJ-ň arasynda, Türkmenbaşy halkara dňiz porty bilen özbek tarapynyň  arasynda we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen Hytaý Halk Respublikasynyň “CMEC” kompaniýasynyň arasynda resminamalara gol çekişmek göz öňünde tutulan.

2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda maslahata gatnaşyjylar Türkmenbaşy halkara deňiz portunda bolarlar. Bu bolsa portuň kuwwatlylygyny ýerinde öwrenmäge mümkinçilik berer.

Halkara forumyň geçirilmegi ýurdumyzyň deňiz ulagy pudagyny ösdürmekde öz goşandyny goşar. Ýagny, porty doly kuwwatlylygynda ulanmaga, ýurdumyzyň çäginden geçýäň ýükleriň artmagyna, gämi gurluşyk pudagynda hünärmenleri taýýarlamaga ýardam eder.

18.07.2022

Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top