Häzirki wagtda Gyrgyzystanyň Hökümeti Russiýa çykmaklykda mümkinçilik döretjek günorta ulag geçelgesini döretmek baradaky meseläniň üstünde işleýär. Bu geçelge Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan, Hazar deňzi we Astrahana çenli uzajak bu ulag geçelgesi ulag we logistika geçelgelerini birleşdirer we özara söwdanyň mukdaryny artdyrar.
Bu täze geçelgäniň döredilmegi Özbegistanyň üsti bilen Türkmenistana, Hazar deňziniň üsti bilen Astrahana çenli Gyrgyzystanyň, şeýle hem deňizýaka ýurtlaryň hem ykdysadyýetini ösdürmekde täze başlangyç bolar. Şeýle taslamanyň üstünde ulag we ykdysadyýet ministrlikleri, şeýle hem ýük daşaýjylar işleýär diýip, bu barada Gyrgyzystanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Temir Sariýew günorta ulag geçelgesiniň döredilmegi barada metbugata beren interwýusynda belläp geçdi.