| Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Bu dabara “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Deňiz söwda floty” ÝPGJ-nyň, “Balkan” Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň, Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň ýolbaşçylary, hünärmenleri, talyp ýaşlar we myhmanlar gatnaşdylar.
Bu neşire Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary bilen şu ýylyň 3-nji sentýabrynda geçiren duşuşygynda sözlän sözi girizildi. Kitapda Türkmenistanyň elektroenergetika strategiýasyna, bu ulgamda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň hem-de iri taslamalaryň, olaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýetirýän oňyn täsiriniň netijelerine seljerme syny berilýär.
Elektrik energiýasy milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň ösüşiniň esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy öz çykyşynda energetika pudagynyň mümkinçilikleri, taryhy, kemala gelşi, ösüşi hem-de geljegi barada giňişleýin maglumat berdi.
Dürli fotosuratlar bilen bezelen neşir giň okyjylar köpçüligi — alym-energetikler, syýasatşynaslar, ykdysatçy alymlar, mugallymlar we talyplar üçin niýetlenendir.
26.09.2022