| Gruziýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna iş sapary bilen geldi
Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Konstantin Sabiaşwili 2022 – nji ýylyň 11- nji noýabrynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna iş sapary bilen geldi. Iş saparynyň başynda Ilçi “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, agentligiň we onuň alyp barýan işi we gurluş düzümi bilen tanyşdy. Şeýle hem şu ýylyň awgust aýynda gol çekilen “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Gruziýanyň Deňiz ulag agentliginiň arasynda gol çekilen Ähtnamanyň iki ýurduň arasynda deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berjekdigi nygtalyp geçildi. Türkmenistan bilen Gruziýa döwletiniň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny nazara alyp, bu hyzmatdaşlygy mundan – da beýläk ösdürmekde, Hazar deňzi – Gara deňzi halkara üstaşyr geçelgesiniň ýük akymynyň artdyrylmagy boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna aýlanyp, terminallarda alnyp barylýan ýükleme – düşürme işleri, gämileriň kabul edilişi bilen tanyşdy. Portuň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşan Ilçi öz gezeginde iki ýurduň portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň ähmiýeti barada belläp geçip, özüni gyzgyn garşy alandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
11.10.2022