| Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna iş sapary bilen geldi
Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Asgar Tažibaýew 2022 – nji ýylyň 25 – nji noýabrynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna iş sapary bilen geldi. Iş saparynyň başynda Ilçi portuň başlygy bilen duşuşyp, portuň alyp barýan işi we gurluş düzümi bilen tanyşdy.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürmek, hususanda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Aktau we Kuryk portlarynyň arasynda ýük we ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmak boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Gazagystan Respublikasynyň “Aktau deňiz söwda porty” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Konteýner gatnawy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň iki ýurduň arasynda deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berjekdigi nygtalyp geçildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny nazara alyp, bu hyzmatdaşlygy mundan – da beýläk ösdürmekde, häzirki wagtda Halkara deňiz portynda üstaşyr ýüklere 50% çenli ýeňillik berilýändigi bellenip geçildi.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna aýlanyp, terminallarda alnyp barylýan ýükleme – düşürme işleri, gämileriň kabul edilişi bilen tanyşdy. Portuň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşan Ilçi öz gezeginde iki ýurduň portlarynyň arasyndaky ýük dolanşygyny artdyrmaklygyň, ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmaklygyň ähmiýetli orun tutýandygyny belläp geçdi we özüni gyzgyn garşy alandyklary üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.
25.11.2022