2023-nji ýylyň 31-nji maýynda, Finlandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa müdirliginiň baş direktory Marýa Liiwalanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna aýlanyp gördüler.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçy düzümi tarapyndan Finlýandiýa Respublikasynyň wekiliýetine portuň Ýolagçy-parom, Konteýner, Ürgün we Umumy ýükler terminallarynyň mümkinçilikleri, işleýiş tertibi, ýükleriň ýüklenip düşürilişi, gämileriň kabul edilişi bilen ýakyndan tanyşdyryldy.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşan myhmanlar, port boýunça tanyşdyryş gezelenjiniň ajaýyp guramaçylykly geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdiler.