Döwlet derejesindäki duşuşyk

2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly üç taraplaýyn duşuşyk geçirildi. Iş maslahatyň gün tertibinde «Lapis Lazuli» halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky mesele ýokary derejede maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen Owganystan - Türkmenistan - Azerbaýjan - Gruziýa - Türkiýe («Lapis Lazuli») ugry boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky meselä bagyşlanylan wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň barşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew transkontinental üstaşyr ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebitleýin we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ählumumy durnukly ösüşe bütinleý hyzmat etjekdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Owganystanyň hem-de Azerbaýjanyň Prezidentleri bilen käbir garaýyşlaryny paýlaşdy we bu ugurda anyk teklipleri öňe sürdi: 1. Birinjiden, 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda gol çekilen Owganystan - Türkmenistan - Azerbaýjan - Gruziýa - Türkiýe ulag geçelgesi («Lapis Lazuli») hakyndaky Ylalaşyga esaslanyp, Bitewi logistik merkezini döretmekligi teklip etdi. 2. Ikinjiden, ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly ulag üpjünçilik ulgamlarynyň bolmagy ägirt uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Munuň bilen birlikde, ýükleriň ugradylýan we kabul edilýän ýerlerini: deňiz menzillerini, demir ýol beketlerini, awtomobil ulag menzillerini mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns berilmeginiň zerurlygyny belledi. 3. Üçünjiden, Owganystan - Türkmenistan - Azerbaýjan gatnaw ugry boýunça we yzyna ýükleri geçirmek üçin bir bitewi nyrh syýasatyny ýöretmegi maksadalaýyk hasaplaýanlygyny öňe sürdi. Şeýle syýasatyň esasyny ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga gatnaşýanlaryň ählisi üçin deň bolan ýokary derejede amatly ykdysady we maliýe şertlerini döretmäge çalyşmaly. 4. Dördünjiden, «Bitewi äpişge» ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny girizmek arkaly gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegiň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň «ASYCUDA» atly ýörite maksatnamasy üstünlikli ulanylýar. Bu maksatnama ýurdumyzyň gümrük gullugy üçin niýetlenendir. 5. Bäşinjiden, Owganystan - Türkmenistan - Azerbaýjan gatnaw ugrunyň sanly ulgamda atlasyny taýýarlamak zerurdyr. Onda bar bolan ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlary barada jikme-jik maglumatlaryň berilmegi netijesinde bu geçelgäniň maýa goýum we täjirçilik babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýokary derejedäki üç taraplaýyn duşuşygyň ahyrynda gepleşiklere gatnaşyjylar öz ýurtlarynyň netijeli köptaraply hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny, dostlukly döwletleriň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine kybap gelýän däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar.

Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top