| Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatynyň çäginde gurnalan sergi

                     

2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejisindäki halkara maslahaty” geçirildi. Bu halkara maslahata gatnaşmak üçin, dünýä döwletleriniň 39-syna, halkara guramalaryň 34-sine wekilçilik edýän wekiller awgust aýynyň 14-ne Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldiler.

Daşary ýurtly gatnaşyjylar we myhmanlar üçin ýörite Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň terminallaryna gezelenç gurnaldy, gezelenjiň dowamynda olar terminallaryň işleýşi bilen tanyş boldular.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýolagçy-parom terminalynyň birinji gatynda myhmanlar üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçylygynda sergi gurnaldy. Bu serginiň esasy maksady, gelen myhmanlary Türkmenistanyň ulag ulgamynyň infrastrukturasynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan, Hazar sebitine, Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine, şeýle hem, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlara dürli ulag görnüşleri bilen Türkmenistanyň çäginden uly we agyr ýükleriň ugradylmagynyň aýratynlyklaryny görkezmekden ybarat bolup durýar.

Sergide “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň döwrebap we ýokary hilli ulag infrastrukturasynyň sergi pawilýonlary görkezildi.

Şeýle hem, sergide myhmanlar tarapyndan “Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň” HJ, “Türkmenistanyň Ulag logistika merkeziniň” AGPJ, “Deňiz söwda flotynyň” ÝPGJ, “Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň” AGPJ hem sergi pawilýonlaryna tomaşa edildi.   

           Günüň soňunda, Ýolagçy-parom terminalynyň eýwanynda ýörite myhmanlar üçin saz sungatly agşam nahary gurnaldy. Gelen myhmanlar Hazar deňzini synlap dynç aldylar we minnetdarlyklaryny bildirdiler.

14.08.2022

Scroll to Top