| Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty

                     

15-16-njy awgustda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat” geçirildi. Forum “Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin meýilleşdirmek” mowzugy esasynda geçirildi. 

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň  Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. 

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Gutterrişiň ýollan ýüzlenmesini diňlediler.

Maslahata dünýä döwletleriniň 39-syna, halkara guramalaryň 34-ine wekilçilik edýän wekiller pandemiýadan soňky döwürde durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag ulgamynyň ornuny giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin bir meýdançanyň başyna jemlendiler.

  Maslahatyň ikinji gününde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatynda ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem häzirki wagtda Hazar deňziniň  üsti boýunça ösdürilýän «Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa» ulag ugrunyň, Ýewropa – Kawkaz – Aziýa ugry boýunça Türkmenistanyň üstünden geçýän TRACECA halkara ulag geçelgesiniň möhümdigi nygtaldy. Ulag üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak we ulag-logistika düzüminiň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek, hem-de multimodal ýollaryň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunda bir näçe meselelere seredildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy Annadurdy Kösäýew bilen Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwiatişwiliniň arasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Gruziýanyň Deňiz ulag agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.

15.08.2022

Scroll to Top