| «Bütindünýä durnukly ulag güni»

                     

Aşgabatda Durnukly ulag boýunça ilkinji global konferensiýanyň geçirilýän güni – 2016-njy ýylyň 26-njy noýabry Bütindünýä durnukly ulag güni diýlip yglan edildi. Bu günüň yglan edilmegi baradaky rezolýusiýa, BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň 70-nji umumy mejlisinde kabul edildi.

Bu hoş habar mynasybetli, 2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhasynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň “Awaza” okrugynyň deputatynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

Bu maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Argadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler barada birnäçe çykyşlar edildi.

Soňky döwürlerde deňiz ulaglary babatda Türkmenistanyň goşulan Halkara konwensiýalary, Halkara guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyklary, Hazarýaka we alys döwletler bilen baglaşylan ylalaşyklar we ähtnamalary, halkara arenasynda abraýly ulag-logistika kompaniýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyklar bellenip geçildi.

Maslahatyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça güllap ösdürmekde alyp barýan syýasatlary üçin, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize alkyşly sözleri aýtdylar.

24.05.2023

Scroll to Top