| Birleşen Arap Emirlikleriniň “Milli deňiz gazuw kompaniýasynyň”   wekiliýetiniň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna iş sapary

                     

          2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda Birleşen Arap Emirlikleriniň “Milli deňiz gazuw kompaniýasynyň” wekiliýetiniň Türkmenistana iş saparynyň çäginde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip gördüler.

          Wekiller ilki  bilen 17 million tonna önümçilik kuwwatly, 150 gektar meýdany bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary, portuň umumy uzynlygy 3600 metr bolan gämi duralgalary bolan bäş terminaly öz içine alýandygyny we gämi duralgalarynyň bir wagtyň özünde 17 gämi kabul edip bilýändigini belläp geçdiler.

          Soňra myhmanlar häzirki zaman tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýolagçy-parom we Konteýner terminallary, Ürgün we Umumy ýükler terminallary bilen jikme-jik tanyşdylar.

          Portuň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşan myhmanlar, özlerini gyzgyn garşy alandyklary üçin, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalary bilen ornaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen tanyşmaga mümkiçilik döredilendigi üçin minnetdarlyklaryny bildirdiler

21.06.2023

Scroll to Top