Baky Bitaraplygymyzyň şanly baýramy

     Ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 26 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Halkara derejeli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülen ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän ýurdumyzyň Kabul ediş merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabara guraldy. Oňa Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagy bu ýerde geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäräniň ähmiýetini artdyrdy. Sergide Merkezi Aziýa Döwlet Baştutanlarynyň Türkmenistanyň Konsultatiw duşuşygy boldy. Bu ýerde guralan dabaraly çärä gatnaşyjylaryň hemmesi dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagy, halkara hyzmatdaşlyk, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselä möhüm üns berýän milli Liderimizi mähirli garşyladylar. Dabarada döwlet Baştutanymyz çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň başynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe toýlarymyzyň toýlara ulaşýandygyny, bu gün bolsa bir supranyň başynda jem bolup, Türkmenistanyň Bitaraplyk toýunyň toýlanýandygyny belledi.
     Halkara hyzmatdaşlyk, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek we ýurdumyzyň edaralarynyň, karhanalaryň we beýleki önümleri gözkezilen Wirtual sergisi döredildi. Bu saýtda Söwda-senagat edarasynyň binasy şekillendirilen. Binanyň içinde gezelenç edip, Türkmenistandaky kärhanalaryň öndürýän önümlerini, milli dokalan halylaryny, Türkmenistanyň Dokma senagatynyň ýokary hilli geýimleri, matalary we halyçalary görmek mümkin. Mundan başga-da, her kärhanalaryň öz stendleri bolup, hersiniň öz ýokary hilli önümlerini gözkezýän wideosy ýerleşdirilen. Bu serginiň üsti bilen ýurdumuzyň önümlerini dünýä ýaýratmakda we goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklarymyzy has-da artdyrmakda ýardamy uly bolar.
     Şunuň ýaly halkara dostlukly, ynamly söwda gatnaşyklaryny alyp barmakda  Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähmiýeti uly bolup,  daşary ýurtlar we goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlyklar esasynda içerki, daşarky we häzirki wagtda ösýän gatnawlaryň biri bolan üstaşyr gatnawlary alnyp barylýar. Ähmiýetli geçelgeleriň biri bolan “Lapis-Lazuli” geçelgesine degişli ýurtlar, ýagny, Azerbaýjan, Gruziýa, Türkiýe, Owganystan döwletleri üstaşyr ýükleriň gatnawyny barha artdyrýar. Häzirki wagtda Wirtual serginiň üsti bilen ýurdumyz we milli önümlerimiziň meşhurlygy has-da ýokarlanýar. Wirtual sergi müşderileriň gyzyklanmalaryny we ýük gatnawunyň ýokarlanmagyny gazanmakda wajyp bolup durýar. Bu ýük gatnawlaryny ygtybarly alyp barmakda, döwletimiziň eksport-import potensialyny artdyrmakda ýurdumyzyň demir ýol ulgamy, awto ýol ulgamy, deňiz we derýa ýollary, şeýle hem howa ýollary durnuksyz ak ýürekden işläp ýurdumyzy gün-günden ösdürýär. Elbetde bu işleri alyp barmakda Hormatly Prezidentimiziň edýän işleri we döredýän mümkinçilikleri juda uludyr.
Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top