| Awstriýa wekiliýetiniň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna sapary

                     

2022-nji ýylyň  2-nji dekabrynda, Awstriýa Respublikasynyň Zähmet we Ykdysadyýet federal ministrliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar boýunça baş direktory Frans Wessigiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna aýlanyp gördüler.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçy düzümi tarapyndan Awstriýa wekiliýetine portuň Ýolagçy-parom, Konteýner, Ürgün we Umumy ýükler terminallarynyň mümkinçilikleri, işleýiş tertibi, ýükleriň ýüklenip düşürilişi, gämileriň kabul edilişi bilen ýakyndan tanyşdyryldy.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşan myhmanlar, port boýunça tanyşdyryş gezelenjiniň ajaýyp guramaçylykly geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdiler.

02.12.2022

Scroll to Top