| Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkezi dörediler
Astrahan sebitindäki kenarýaka erkin ykdysady zolagynda geljek iki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň logistika merkezi dörediler.
«Geografiki taýdan bu merkez sebitiň kenarýaka erkin ykdysady zolagynda, ýagny Olýa portunda ýerleşer. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin bu kompaniýa Astrakhan sebitinde hasaba alynar. Bu taslama üçin iş meýilnamasyny düzmek kararyna gelindi» – diýip, sebitiň Senagat we Tebigy baýlyklar ministri Ilýa Wolinskiý belläp geçdi.
Astrahan sebitiniň senagat we tebigy baýlyklar ministri degişli taslamany durmuşa geçirmek barada Astrahan sebitiniň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda ylalaşyk gazanylandygyny belläp, logistika merkezini döretmek boýunça iş meýilnamasynyň taýýarlanyp, soň onuň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine ugradyljakdygyny mälim etdi.
Mundan öň Astrakhan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin, hökümetara türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlyk komissiýasynyň mejlisinde, Astrakhan sebitinde Türkmenistanyň logistika merkezini açmak taslamasynyň durmuşa geçiriljekdigini yglan etdi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýük akymyny artdyrmaga ýardam eder.
“Soňky ýyllarda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda uly sepgitlere ýetildi. Hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ileri tutulýan ugurlaryň arasynda nebit-gaz pudagy, senagat, logistika we söwda bar”-diýdi Babuşkin belläp geçdi.
22.12.2022