THDP
Ýapyk görnüşli ammarlar
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň her bir terminalynda ýerleşdirilen Ýapyk görnüşli ammarlarda, ýylyň ähli paslynda, dürli görnüşli umumy ýükleri, ýagny: haltalarda, big-beglerde, paletlerde, poddonlarda, ýaşşiklerde, gutularda, daňyly, sargyly, paçkaly, gapsyz görnüşdäki metallar, demir gurnamalar, enjamlar, gurluşyk harytlary, agaç önümleri, günden we ygaldan goralýan ürgün ýükler we ýörite ideg talap edýän ýükleri saklamak üçin ähli şertler döredilen.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň terminallarynda ýerleşýän Ýapyk görnüşli ammarlaryň umumy tutýan meýdany 58 059,14 m2 deň bolup durýar.
Konteýner terminalynyň çäginde
- Ýük ammar – umumy meýdany 10 027,52 m2
- Ýük paýlaýjy ammar (CFS) – umumy meýdany 3 172,40 m2
Ürgün ýükler terminalynyň çäginde
- Ýapyk ammar – umumy meýdany 7 150 m2
- Däne ýükleri saklamak üçin niýetlenen 14 sany silos (35 000m3)
- Sement saklamak üçin niýetlenen 8 sany silos (6000m3)
Umumy ýükler terminalynyň çäginde
- Materiallary saklamak üçin bassyrma – umumy meýdany 5 749,60 m2
- Gaplama stansiýasy – umumy meýdany 9 320,55 m2
- Çalt ýanýan materiallary saklamak üçin ammar – umumy meýdany 5 639,07 m2
Polipropilen terminalynyň çäginde
- Polipropilen ammary – umumy meýdany 12 000 m2
- Üstaşyr ýükler üçin ammar – umumy meýdany 5 000 m2
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty © 2024
Habarlaşmak
- +993 243 4 91 92 +993 243 4 95 24
- @tisp.marketing@port.com.tm
- Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, 8-nji jaý.