Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Hazar deňziniň gündogar kenarynda we Türkmenistanyň günbatar böleginde ýerleşýän, dürli harytlary we gämileri kabul etmek üçin merkez bolup, ýurdumyzyň we sebitiň ykdysady ösüşine, gülläp ösmegine öz goşandyny goşýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň taslamasy we gurluşygy “Ýaşyl port” standartlaryna laýyklykda guruldy hem-de Hazarýaka sebitinde öz gurluşy boýunça ýeke-täk görnüşlidir. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýükleme-düşürme işleri, şeýle hem ýükleri saklamak ýaly ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär.
Türkmenbaşy Halkara deňiz Porty Merkezi Aziýanyň çatrygyndaky esasy deňiz derwezesi bolanlygy sebäpli, şol sebäpden hem deňiz porty “Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi” diýlip atlandyrylýar. Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda söwda we kommersiýa üçin strategiki baglanyşygyny üpjün edip, Ýewropa bilen Aziýany deňiz ýollary, gara ýollary we demir ýollary arkaly birleşdirýär, bu bolsa öz gezeginde sebitdäki iň uly üstaşyr merkez bolup hyzmat edýär.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Hazar portlarynyň arasynda häzirki zaman we iň uly deňiz portudyr. Portuň umumy meýdany 150 gektardan gowrak bolup, onuň ýyllyk umumy kuwwatylylygy 17 million tonna ýük, şol sanda 300 müň ýolagçy, 75 müň ýük awtoulagy, 400 müň TEU konteýneri, 3 million tonna ürgün ýükleri we nebit önümleri hasaba almazda 4 million tonna umumy ýükleri geçirmäge ukyplydyr. Deňiz portunda Ýolagçy-parom terminaly, Konteýner terminaly, Umumy ýükler terminaly, Ürgün ýükler terminaly we Polipropilen terminaly bar.
Biziň borjumyz diňe bir deňiz portunyň hyzmatlary bilen çäklenmän, başgada giň gerimli gury ýer ulag infrastrukturasy öz içine alýar.
Ösen awtoulag we demir ýol ulgamlary, logistika zynjyrynyň netijeliligini we durnuklylygyny ulanmak bilen harytlary barmaly ýerine netijeli iberilmegini üpjün edýär. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurluşyk desgalaryndan başga-da, deňiz portunda köp sanly kenarýaka desgalary, şol sanda ulaglar üçin: estakadalar bilen birlikde umumy uzynlygy 4 000 metra gowrak awtoulag ýillary we 30 000 metra golaý demir ýollary guruldy.
Portuň wezipesi, ýurduň üstünlikli we yzygiderli ösmegi üçin şert döretmek, şeýle hem esasy gyzyklanýan taraplaryň bähbitlerini kanagatlandyrmakdyr. Her bir sarp edijiniň ynamyny üpjün etmek üçin port, daşky gurşawa az täsir edýän howpsuz we ýokary hilli port amallaryny üpjün etmek üçin iň oňat usullary ulanmaga çalyşýar.
Portuň öz mümkinçiliklerinden peýdalanyp, iň täze tehnologiýalary ulanyp, Hazar sebitindäki eksport we üstaşyr ýük akymlaryna hyzmat etmekde öňdebaryjy orny eýelemäge we durnuklylygyny saklamaga çalyşýan we innowasion edarasy bolup hyzmat edýär.
Portuň strategiki maksady- Merkezi Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esesy merkez hökmünde, ýurdumyzyň durnukly ösýän ulag pudagy bilen bir hatarda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portyny ösdürmek we özleşdirmek, onuň strategiki deňiz bähbitlerini goramaklyk bilen, netijede deňiz portunyň taslama kuwwatlylygyna ýetmek üçin Hazar sebitindäki portlaryň arasynda ösýän deňiz porty hökmünde subut etmeklikdir.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty © 2024
Habarlaşmak
- +993 243 4 91 92 +993 243 4 95 24
- @tisp.marketing@port.com.tm
- Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, 8-nji jaý.