Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň taryhy
1896-njy ýylyň oktýabr aýynda Hazar deňziniň gündogar kenarynda deňiz portunyň düýbi tutuldy. Ýük we ýolagçy gatnawlarynyň daşalmagyny berkitmek we tertiplemek maksady bilen 1903-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda söwda deňiz portunyň dolandyryş edarasy döredildi. Ýyllaryň dowamynda ýük akymynyň artmagyny göz öňünde tutup, 1959-njy ýylda portuň çäginde parom ugurlarynyň gurluşygy başlandy. 2000 – 2003-nji ýyllarda portuň giňişleýin durkuny täzelemek işleri amala aşyryldy. Köne gämi duralgalarynyň, ammarlaryň we birnäçe beýleki binalaryň durky täzelendi we täzeleri guruludy, şeýle hem häzirki zaman enjamlar ýerleşdirildi. Bu bolsa porta, hyzmatlaryny ýokary derejede bermegi üçin mümkinçilik döretdi.
Türkmenistan döwletimiziň geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşýändigi nazarda tutulyp, “Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň baş meýilnamasyna” laýyklykda Hormatly Prezidentimiziň 2014-nji ýylyň 29-njy maýynda gol çeken Karary esasynda, Beýik ýüpek ýolunda esasy orun eýeleýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň düýbiniň tutulmagyna badalga berildi we Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda täze Türkmenbaşy Halkara deňiz porty dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty © 2024
Habarlaşmak
- +993 243 4 91 92 +993 243 4 95 24
- @tisp.marketing@port.com.tm
- Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, 8-nji jaý.