| Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berdiler
Türkmenistanda bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine resmi taýdan badalga berildi: 8-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk ekologiýa çäresi geçirildi.
Döwlet Baştutanynyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagy bu çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ählihalk bag ekmek dabarasy diňe bir ekologik çäre bolman, eýsem, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmaga ýardam berýän wajyp medeni-durmuş wakasydyr we ýaş nesillerde tebigata aýawly garamak medeniýetini kemala getirýär.
Bag ekmek çäresi ýurduň ähli künjeklerinde giňden geçirildi. Aşgabadyň eteklerinde hem tokaý zolaklarynyň, şol sanda arça agaçlary oturdylan meýdanlaryň çäkleri barha giňeýär.
Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça tagallalaryna halkara derejesinde ýokary baha berilýär. Aşgabat şäheriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goşandy üçin degişli güwänama mynasyp bolmagy hem ýurduň ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmekdäki aýdyň üstünligidir.
Şu gezekki köpçülikleýin dabara Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ählumumy tagallalara goşýan uly goşandyny görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy.
Arkadag şäherinde alnyp barylýan bag ekmek işleri täze şäheriň desgalarynyň sebitiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşykly utgaşmagyny üpjün edýär.
Çärä aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşdy. Bu ýerde aýdymçylar bilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda edebi-sazly kompozisiýasy dabara aýratyn baýramçylyk ruhyny goşdy.
Her ýylda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen milli strategiýanyň aýrylmaz bölegidir. Döwlet Baştutanynyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň şahsy göreldeleri esasynda Türkmenistan tutuş dünýä ekologiýa jogapkärçiliginiň we durnukly ösüşiň diňe diňe bir jarnamalar däl-de, eýsem içerki we daşarky syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarydygyny görkezýär.
10.11.2025
