| Hytaýyň Çžeszýan şäherinden Türkmenistanyň üsti bilen Azerbaýjana täze ýük daşaýyş ugry açyldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýanyň çatrygyndaky esasy deňiz derwezesi bolup, “Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi” diýlip atlandyrylýar. Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda söwda we kommersiýa üçin strategiki baglanyşygyny üpjün edip, Ýewropa bilen Aziýany deňiz ýollary, gara ýollary we demir ýollary arkaly birleşdirýär, bu bolsa öz gezeginde sebitdäki iň uly üstaşyr merkez bolup hyzmat etmegini dowam edýär.
Muňa mysal edip, 2025-nji ýylyň 18-nji iýunynda Hytaý Halk Respublikasynyň Çžeszýan şäherinden ugran ilkinji ýük otlusy Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna tarap ýola düşdi we 2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi. Hytaý Halk Respublikasyndan gelen 50 sany 40 futly konteýnerlerden ybarat bolan otly deňiz portundan Azerbaýjan Respublikasynyň Baku Halkara deňiz söwda portuna ýurdumyzyň türkmen milli flodumyzyň Türkmenbaşy-Baku ugry boýunça gatýan gämilerinde ugradyldy.
Bu waka Transhazar halkara ulag geçelgesiniň täze böleginiň resmi taýdan açylandygyny alamatlandyrýar. Bu täze ugur Hytaýyň harytlarynyň Merkezi Aziýa we Ýewropa döwletlerine iberilmegini tizleşdirmäge gönükdirilendir.
Täze halkara multimodal geçelgesi öz gezeginde halkara ýük gatnawlarynda ýükleriň möçberleriniň has-da artmagyna, şol sanda, berilýän hyzmatlaryň has-da kämilleşmegine öz goşandyny goşar.
14.07.2025
