| Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen önümleriň sergisi guralar

                     

2025-nji ýylyň 5 – 7-nji maýy aralygynda Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen önümleriň giň gerimli sergisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Sergä Türkmenistandan 12 sany döwlet edarasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem 50 töweregi wekili gatnaşar.

Sergä geljekler türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň eksport ugurly, hususan-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öndürýän önümleri bilen tanşyp bilerler.

Bu çäre Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmäge hem-de türkmen harytlarynyň sebit bazaryndaky ornuny giňeltmäge gönükdirilendir.

03.05.2025

Scroll to Top