| «Türkmenpoçta» Bütindünýä poçta birleşiginiň halkara sanly ulgamyna birikdiriler

                     

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kärhanasy Bütindünýä poçta birleşiginiň (BPB) halkara sanly ulgamlaryna synag işlerini geçirmek üçin birikdirildi. Bu iş doly ornaşdyrylandan soň, müşderiler ýollamalaryň häzirki wagtda niredeligini onlaýn yzarlap, eltip bermek hyzmatyny awtomatik görnüşde hasaplap, poçta belliklerini döredip, töleg geçirmegiň dürli görnüşlerinden peýdalanyp, köp dilli interfeýse elýeterliligi alyp bilerler diýip, “Türkmenistan” gazetinde çarşenbe güni habar berildi.

Alyp barýan işini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen “Türkmenpoçta” ýollamalary gaýtadan işlemegiň sanly ulgamyny ornaşdyrmagy, halkara poçta amallaryny we hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek üçin halkara poçta ulgamyna (IPS) hem-de gümrük deklalirleme ulgamyna (CDS) goşulmagy meýilleşdirýär.

Şu maksat bilen poçta kärhanasy BPB tarapyndan işlenip düzülen IPS.post we CDS.post synag işleri üçin birikdirildi. Synag işleriniň üstünlikli geçirilmegi olaryň dolulygyna ornaşdyrylmagyna getirdi. IPS ulgamy ekspress ýollamalaryň, ätiýaçlandyrylan ýollamalaryň eltiljek wagty we gümrük düzgünleri barada maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.

Soňky 32 ýylyň içinde Türkmenistan 190-dan gowrak ýurda poçta ýollamalaryň eltilmegini üpjün edip, gymmatly tejribe toplady. 1996-njy ýylda “Türkmenpoçta” eltip bermek hyzmatyny çaltlandyrmak maksady bilen ýollamalaryň islendik ýere 3-4 günüň dowamynda eltilmegini üpjün edýän ekspress poçta hyzmatlary ulgamyna (EMS) goşuldy.

14.02.2025

Scroll to Top