| Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralary hyzmatdaşlyk boýunça täze resminamalary kabul etdiler

                     

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy. Bu barada Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda iki doganlyk halkyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň gün tertibindäki iň möhüm meseledigi nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça pikir alşyldy. Hususan-da, 2025-nji ýyl üçin niýetlenilen hyzmatdaşlyk meýilnamasyndan orun alan wezipelere we geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri B.Saidow türkmen tarapyny Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy bilen gutlady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin bilelikdäki hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna, şeýle-de Şertnama-hukuk binýadyny hasaba almak we kämilleşdirmek baradaky Teswirnama gol çekildi.

Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak barada hem ylalaşdylar.

27.01.2025

Scroll to Top